«Türkmen Berk–Metal» kompaniýasy ýörite sport geýimlerinden tegmilleri we ysy netijeli aýyrmak üçin niýetlenen «Arýa Sport» kir ýuwujy serişdesini işläp taýýarlady.
«Arýa Sport» kir ýuwujy serişdesi der, gan hem-de otuň hapa yzlary ýaly sport geýimlerine degýän çylşyrymly tegmillere garşy göreşmekde ýokary netijeliligi görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, serişdäniň innowasion formulasy mata süýümleriniň zeper ýetmezden çuňňur arassalanmagyny we köp ýuwlandan soň hem reňkleriniň saklanmagyny üpjün edýär.
«Arýa Sport» serişdesiniň tapawutly aýratynlygy onuň tygşytlylygydyr: kirleri täsirli arassalamak üçin ony az mukdarda sarp etmek hem ýeterlikdir.
«Arýa Sport» ýuwujy serişdesini ýurduň ähli dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş7., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
- telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy;
- elektron poçta salgysy: tberkmetal@gmail.com;
- web saýty: turkmenberk-metal.com.