Gurban baýramynyň öňüsyrasy ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizilen Türkiýäniň Kappadokiýasynda jahankeşdelik otelleri 90 göterim doldy. Sebitde 5-nji iýundan başlap baýramçylyk dynç günlerine çenli ýerli syýahatçylaryň has köp gelmegine garaşylýar diýip, «www.aa.com.tr» ýazýar.
Bu barada aýdan Türkiýäniň Turistik agentlikleriniň assosiasiýasynyň (TÜRSAB) müdiriýetiniň agzasy Talip Aldemir Kappadokiýanyň ajaýyp künjekleri bilen jahankeşdeleri özüne çekýändigini nygtady. Bu ýerde jahankeşdeler üçin suwa düşmek dynç alşyndan başga, howa şarlarynda uçmak, pyýada hem-de kwadrosikllerde gezelençler we at münmek ýaly hyzmatlar bar.
«Biz 2025-nji ýylyň tomus möwsüminiň şowly boljakdygyna umyt edýäris» diýip, Aldemir belledi.
Howa şarlarynda uçuşlary guraýan kompaniýalaryň biriniň ýolbaşçysy Mehmet Dinler häzirki wagtda öňünden sargytlaryň köp bolmagynyň ýerli ýaşaýjylaryň gyzyklanmasynyň nyşanydygyny aýdýar.
«Biz myhmanlaryň hoşal bolup gitmekleri üçin ähli zerur taýýarlyklary gördük. Kappadokiýa hemişe-de ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýärdi» diýip, Dinler sözüniň üstüni ýetirdi.