Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan DIM-inde Hytaýyň Gansu welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

19:1705.06.2025
0
20354

5-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary Leý Syweýiň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça depginli ösýändigini nygtadylar.

Söhbetdeşler dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýakynlaşdyrýan netijeli gurala öwrülen ylym, bilim, medeniýet we sungat ýaly wajyp ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, türkmen talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň