Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bill Geýts emläginiň uly bölegini Afrikanyň ýurtlaryna bermekçi

19:1505.06.2025
0
17259
Bill Geýts emläginiň uly bölegini Afrikanyň ýurtlaryna bermekçi
Surat: RBK Life

«Microsoft» kompaniýasynyň 69 ýaşly esaslandyryjysy Bill Geýts öňdäki 20 ýylyň dowamynda özüniň emläginiň agramly bölegini Afrika ýurtlaryna raýatlaryň saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirmek maksady bilen bölüp bermekçi. Bu barada işewüriň gaznasyna salgylanýan «rbc.ru» habar berdi.

Bu barada milliarder Afrika bileleşiginiň Addis-Abebedäki (Efiopiýa) Nelson Mandelanyň zalynda eden çykyşynda aýtdy.

Geýts Afrika saparyny 8-nji maýda öz gaznasynyň üsti bilen 20 ýylyň dowamynda adamlary halas etmek we durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin 200 milliard dollar bölüp bermekçidigini yglan edenden soňra amala aşyrdy. «Bloomberg Billionaires Index» agentliginiň habaryna görä, işewüriň emlägi 2025-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky ýagdaýa görä, 175 milliard dollar bahalanýar hem-de ol planetanyň iň baý adamlarynyň ilkinji bäşligine girýär.

«Microsoftyň» esaslandyryjysy serişdeleri paýlamak barada pikire Endrýu Karneginiň «Terjimehal. Baýlygyň Injili» (1889) atly kitabyny okap gelendigini aýtdy, kitapda «baý bolup ölýän adam masgaraçylykly ölýän adamdyr» diýilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň