Hakyky tebigy deriden ýokary hilli aýakgaplary öndürmekde Türkmenistanda öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan «Röwşen aýakgaplary» brendiniň Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda täze dükany işläp başlady. Bu ýerde erkekler, zenanlar hem-de çagalar üçin niýetlenen aýakgaplaryň, şeýle hem aksessuarlaryň dürli görnüşleri alyjylara ýetirilýär.
«Röwşen» haryt nyşany bilen eýýäm köp ýyllardan bäri türkmen bazarynda uly meşhurlyga eýe bolan aýakgaplara raýatlar, aýratyn-da ýaşlar uly isleg bildirýär.
Çünki ýurduň dürli künjeklerinde amatly bahalardan ýetirilýän ýokary hilli deri aýakgaplar dürli döwrebap dizaýnlarda öndürilýär. Esasan-da, olar berkligi, ulanyş üçin uzak möhletliligi, dürli geýimler bilen ajaýyp sazlaşygy döredýändigi bilen tapawutlanýar.
Müşderiler brendiň dükanlaryndan erkek we zenan aýakgaplarynyň her hili göwnejaý reňklerini tapmak bolýar. Dükanlaryň assortimentiniň örän giňdigi we köpdürlüligi islendik stili halaýanlara öz göwnünden turjak aýakgaby saýlap almaga mümkinçilik berýär.
«Kärhanamyzda oksford, brogi, loffer, derbi, çelsi ýaly moda äleminde gymmatyny hiç wagt ýitirmejek aýakgap nusgalary dünýä standartlaryna laýyklykda öndürilýär. Olaryň önümçiliginde ýokary hili we tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýerli derilerden peýdalanylmagy milli brendimiziň dünýä bazarynda özboluşly orna eýe bolmagyna ýardam edýär. Şonuň üçinem olaryň eksporty ýylsaýyn artmak bilen» — diýip, kärhananyň hünärmeni belleýär.
Gün-günden Aşgabat şäheriniň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülýän Gurtly ýaşaýyş toplumynda açylan täze «Röwşen aýakgaplary» dükany müşderileri täzeden-täze aýakgap kolleksiýalary bilen begendirer. Sebäbi olaryň esasy aýratynlygy — ýokary hiliň elýeterli baha bilen sazlaşykly bolmagydyr.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iýun aýynyň 9-na çenli «Röwşen aýakgaplary» brendiniň ähli dükanlarynda sowgatly söwdanyň geçirilýändigini ýatladýarys. Ýagny 500 manatdan ýokary söwda eden müşderilere sowgatlar garaşýar.
Täze geýimleri geýnip, toý ruhunda bellenilýän Gurban baýramynyň şatlykly günlerinde «Röwşen aýakgaplary» dükanlarynyň hödürleýän bu ajaýyp teklibini elden gidirmäň!
Habarlaşmak üçin:
- telefon belgileri: +993 64 14 14 19, 21 63 06.