Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda 11-nji iýuly «Bütindünýä atlar güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.
Bu Kararnamany kabul etmek başlangyjy Mongoliýa tarapyndan öňe sürlüp, Türkiýe, Ýaponiýa, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Germaniýa, Awstriýa, Bahreýn, Braziliýa, Koreýa Respublikasy, Hytaý, Katar, Marokko, Russiýa, Taýland we beýleki döwletler bilen birlikde jemi 56 ýurt tarapyndan goldanyldy.
Kararnama agza döwletleri we beýleki gyzyklanýan taraplary her ýyl bu güni atlaryň we atçylyk pudagynyň ykdysady we jemgyýetçilik ähmiýeti baradaky habardarlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler arkaly bellemäge çagyrýar.
Taslamany hödürlän Mongoliýanyň wekili atlary «adamzat taryhyndaky iň möhüm haýwanlaryň biri» diýip häsiýetlendirdi we olaryň ulag, oba hojalygy, mallary bakmak, peýdaly magdanlary özleşdirmek, dynç alyş, at çapyşyklary we syýahatçylyk ýaly ugurlardaky ornuna ünsi çekdi.
BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde at sürmek we ýük çekmek üçin ulanylýan atlaryň sany, takmynan, 57 milliona ýetýär.