Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pileçiler Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar

12:4905.06.2025
0
13602
Türkmenistanda pileçiler Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna ussat pileçiler tarapyndan ýurt boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, zähmetsöýer pileçileriň Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy.

Döwlet Baştutany ussat pileçileri bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň