Ýaponiýada 1-nji iýundan başlap, kompaniýalar üçin işgärlerini yssydan goramak üçin täze düzgünler hereket edip başlady, eger düzgünler bozulaýsa, iş berijä 500 müň iýena möçberde jerime salynýar diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.
Ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi geçen 2024-nji ýylda hasaba alnan howanyň ýokary temperaturasy bilen baglylykda, çäreleri berkitdi. Sebäbi geçen iýun aýynda yssy sebäpli ýurtda 30 adam heläk boldy, 1200 töweregi adam ejir çekdi. Bu aýratyn hem gurluşyklarda we önümçilikdäki işgärleriň zähmet şertlerinde özüni bildirdi. Täze düzgüne görä, indi her işgäriň ýanynda ýoldaşy bolmalydyr, onsoňam iş beriji işçileri saglyk ýagdaýyna gözegçilik edýän ýörite enjam bilen üpjün etmeli.
Şeýle-de täze düzgünlerde howanyň derejesini yzarlamak hökmany edilýär, eger howanyň temperaturasy 28 gradusdan geçse ýa-da bir sagadyň dowamynda 31 gradusda saklansa, gyssagly çäreleri görmeli: binanyň içini salkynlatmaly, goşmaça arakesmeleri guramaly, eger işgärde gün urma alamatlary ýüze çyksa, ilkinji lukmançylyk kömegini bermeli.
Iri ýapon kompaniýalary eýýäm täze girizilen düzgünleri berjaý etmäge girişdiler. Mysal üçin, «Shimizu Corp.» gurluşyk kompaniýasy ähli işgärlerini göçme termometrler bilen üpjün etdi, «Yamato Transport Co.» eltip berme gullugy işgärlerini 75 müň sany sowadyjy eginbaşlar we howany ölçeýji enjamlaryň 3 müňüsi bilen üpjün etdi.