Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

95 ýaşly Klint Istwud täze filmiň üstünde işleýär

16:0603.06.2025
0
13493
95 ýaşly Klint Istwud täze filmiň üstünde işleýär
Surat: Rg.ru

Amerikan kinoakademiýasynyň «Oskar» baýragynyň eýesi, režissýor we aktýor Klint Istwudyň 31-nji maýda 95 ýaşy doldy, emma ol kinodan gitmekçi däldigini we täze filmiň üstünde işleýändigini habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Istwudyň 2024-nji ýylda ekranlara çykan «Kazyýet oturdaşy №2» atly filmini onuň iň soňky kino eseri diýip atlandyrypdylar.

«Belli bir ýaşa baranlarynda, işe hyjuwyny ýitirýän režissýorlar bar, emma men olardan däl» diýip, goja kinoçy Awstriýanyň «Kurier» neşiriniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzir özüni fiziki taýdan oňat duýýar we bu babatda biynjalyk bolara esas ýok. «Men studiýanyň çägindäki kiçijik bungaloda ssenariçileriň «Kasablanka» ýaly ajaýyp filmleriň ssenarilerini ýazýan döwürlerini küýseýärin. Ol döwür her kimiň kellesinde etsem-goýsamy köpdi» diýip, Istwud sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň