Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Batoryň Opera we balet döwlet akademiki teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, köpöwüşginli döredijilik konserti iki döwletiň we olaryň halklarynyň däp bolan dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary üçin Mongoliýanyň Milli muzeýine gezelenç guraldy.