Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Karol Nawroskiý Polşanyň Prezidenti wezipesine saýlandy

09:0803.06.2025
0
17550
Karol Nawroskiý Polşanyň Prezidenti wezipesine saýlandy
Surat: Dv.ee

Polşanyň Milli hakyda institutynyň direktory, «Hukuk we adalat» partiýasyndan dalaşgär Karol Nawroskiý sesleriň 50,89 göterimini alyp, ýurduň Prezidenti boldy. Şeýle maglumatlar Polşanyň saýlaw toparynyň resmi saýtynda saýlaw býulletenleriniň 100 göterimi sanalandan soňra peýda boldy. Nawroskiý ses berlişigiň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Nawroskiniň bäsdeşi, Raýat bilelişigi dolandyryjy partiýasyndan dalaşgär we Warşawanyň häkimi Rafal Tşaskowskiý sesleriň 49,11 göterimini aldy.

Saýlawlara gatnaşyk 71,63 göterime deň boldy.

Polşada Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 18-nji maýda boldy. Onuň jemleri boýunça Tşaskowkiý we Nawroskiý degişlilikde, sesleriň 31,36 we 29,54 göterimini aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň