Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň barşynda gol çekildi.
Resminama Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Merdan Gazakbaýew we «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentliginiň baş direktory Erdenesogtyn Sondontogos gol çekdiler.
Ähtnama iki ýurduň habarlar agentlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, syýasaty, jemgyýeti, ykdysadyýeti, işewürligi, syýahatçylygy, taryhy, medeniýeti we sungaty öz içine alýan köp ugurlarda habarlary alyşmak, şeýle hem makalalarydyr gepleşikleri ýaýratmak boýunça giň mümkinçilikleri döredýär. Hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin, taraplar žurnalistler we hünärmenler üçin okuwlary guramak, tejribe alyşmak we özara saparlary guramak isleýär diýip, «MONTSAME» agentligi belleýär.