Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçihanasy Moskwada köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady

16:0602.06.2025
0
13515
Türkmenistanyň ilçihanasy Moskwada köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

1-nji iýunda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan Kreml diwarynyň ugry bilen Moskwa derýasynyň kenarynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe ilçihananyň işgärleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Çäre 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülen Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň