Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sport ýaryşlaryny geçirmegiň täze tertibi güýje girdi

15:0502.06.2025
0
16370

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport çärelerini, şol sanda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramagyň täze tertibini tassyklady. Degişli 169-ö belgili karara 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde bu komitetiň başlygy A. Saparow gol çekdi.

Gol çekilen täze resminama laýyklykda ýurtda geçirilýän ähli sport ýaryşlary birnäçe derejä bölünýär:

  • Halkara ýaryşlary – halkara sport guramalary we döwlet komitetiniň karary esasynda geçirilýär;
  • Umumymilli ýaryşlar – döwlet we halkara sport çäreleriniň umumy senenama meýilnamasyna laýyklykda guralýar;
  • Pudagara ýaryşlar – ministrlikler we edaralar tarapyndan döwlet komiteti bilen ylalaşmak bilen geçirilýär;
  • Sebitleýin ýaryşlar – welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, etraplaryň derejesinde guralýar;
  • Sport guramalarynyň sport çäreleri – sport klublary we ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary tarapyndan geçirilýär.

Täze tertibe laýyklykda sport çärelerini ylalaşdyrmagyň anyk möhletleri kesgitlenýär.

Umumymilli ýaryşlar üçin:

  • Milli federasiýalar ýaryşyň geçiriljek senesinden azyndan 1 aý öň resminamalary tabşyrmaly;
  • Döwlet komiteti resminamalary 10 iş gününiň dowamynda garaýar.
  • Bellikler bolan halatynda — düzediş girizmek üçin 5 iş güni berilýär.
  • Gutarnykly ylalaşma – 3 iş gününiň dowamynda.

Sebitleýin ýaryşlar üçin:

  • Düzgünleriň tabşyryş möhleti - geçiriljek seneden azyndan 20 gün öň.
  • Ýerli häkimiýetler tarapyndan garalma möhleti - 5 iş güni.
  • Bellikler bolan halatynda — düzediş girizmek üçin 5 iş güni berilýär.
  • Gutarnykly ylalaşma – 3 iş gününiň dowamynda.

Resminama sport ýaryşlarynyň düzgünnamasynda bolmaly esasy maddalary takyk kesgitleýär, şol sanda:

  • Ýaryşyň maksady we wezipeleri;
  • Gatnaşýan guramalar we türgenler;
  • Arza tabşyrmagyň tertibi;
  • Ýaryşyň maksatnamasy;
  • Howpsuzlyk çäreleri;
  • Lukmançylyk we dopinge garşy üpjünçilik;
  • Ýeňijileri sylaglamagyň tertibi;
  • Maliýeleşdirmegiň şertleri;
  • Howpsuzlygyň talaplary.

Täze tertipde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna aýratyn üns berilýär:

  • Okuw ýygnanyşyklarynyň sany, möhleti we dowamlylygy degişli federasiýalar bilen bilelikde sport guramalary tarapyndan kesgitlenýär
  • Okuw ýygnanyşyklaryny geçirmegiň möhleti görkezilen sport çäreleriniň sanawyna laýyk gelmeli
  • Guramaçylar tejribeli tälimçiler, lukmanlar we kömekçi işgärler bilen üpjün etmeli
  • Arassaçylygyň kadalaryna, ýangyn howpsuzlygynyň we tehniki howpsuzlygyň talaplaryna doly laýyklykda geçirilmegi hökmanydyr

Täze tertibe laýyklykda hasabat bermegiň berk talaplary hem kesgitlenýär:

  • Eminler kollegiýasy tarapyndan ýaryşlaryň teswirnamalary we hasabatlary 7 günüň dowamynda berilmelidir
  • Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň hasabatlary üçin hem edil ýokardaky ýaly möhletler bellenilýär
  • Wezipe-borçlaryny degişli derejede ýerine ýetirmedik eminler eminlik etmekden çetleşdirilip bilner

Täze tertip 2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde №1879 belgisi bilen döwlet belligine alnandan soň güýje girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň