Aşgabatdaky «Kepilli Ýollar» okuw merkezi hünär derejesini ýokarlandyrmak we täze hünär endiklerini ele almak üçin köp sanly okuw kurslaryny hödürleýär. Her bir okuw başlangyç derejeden hünär ussatlygyna çenli anyk ýol hökmünde düzülendir.
Merkez aşakdaky meşhur ugurlar boýunça okuwlary hödürleýär:
- Buhgalterçilik hasabaty, 1C programmasy bilen işlemek. Bu okuw buhgalterçilik hasabatyny we 1C programmasyny başlangyç derejeden başlap, hünär ussatlygyna çenli öwrenmek isleýänler üçin işlenilip düzüldi. Ozal hiç wagt buhgalterçilik hasabaty bilen ýüzbe-ýüz bolmadyk bolsaňyz hem, «Kepilli Ýollaryň» tejribeli mugallymlary çylşyrymly mowzuklary ýönekeý we düşnükli edip, okuwyň ähli basgançaklarynda size ýol görkezerler. Okuw 1C-niň iň soňky nusgasy boýunça geçirilýär, bilimler bolsa gönüden-göni işläp düzüji tarapyndan öwredilýär, bu bolsa onuň ähmiýetini we amaly gymmatyny kepillendirýär.
- Salgyt salmagyň we hukugyň esaslary. Bu okuw salgyt kanunçylygy we hukuklary barada düşünjeleri emele getirmek üçin döredildi.
- «Python» dilinde programmirleme. Bu okuw sizi IT dünýäsi bilen tanyşdyrar we «Python» dilinde programmirlemegiň mümkinçiliklerini açar.
- Kompýuter sowatlylygy. Bu okuw häzirki zaman tehnologiýalaryndan ynamly baş çykarmagy öwreder.
- Çagalar üçin maliýe sowatlylygy (7-10 ýaş). Bu okuw başlangyç synp okuwçylarynda maliýe sowatlylygyny ösdürmäge, olaryň geljegine maýa goýmaga gönükdirilendir.
- Marketing. Bu okuw müşderileri çekmegiň we saklamagyň strategiýalaryny öwreder.
- Işgärleri dolandyrmagyň esaslary. Bu iki ugurly okuw HR-dolandyryşy we «1C: Işgärler» maksatnamasyny özleşdirmäge mümkinçilik berer, bu bolsa sizi uly talap bildirilýän hünärmen eder.
- «Kepilli Ýollar» bilim merkeziniň möhüm artykmaçlygy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi ygtyýarnamasynyň bolmagydyr. Munuň netijesinde, okuwlar tamamlanandan soň, talyplar döwlet tarapyndan hünär derejelerini tassyklaýan şahadatnamalary we 1C tarapyndan tassyklanan şahadatnamany alýarlar.
Okuw diňleýjiler üçin amatly wagtda we çeýe tertipde guralýar:
- irdenki toparlar: 10:00 - 12:30
- gündizki toparlar: 14:00 - 16:30
- agşamky sapaklar: 18:30 - 21:00
Her sapak 2,5 sagat dowam edýär we hepdede üç gezek geçirilip, kofe arakesmesini öz içine alýar, arakesmäniň wagty talyplaryň isleglerine laýyklykda ylalaşylýar.
Hünär derejesini ýokarlandyrmak we häzirki zaman zähmet bazarynda isleg bildirilýän ýokary hilli bilim almak üçin ygtybarly hyzmatdaşyňyz bolan «Kepilli Ýollary» saýlaň. Mugallymlar öz ugurlarynda uly tejribesi bolan hünärmenlerdir.
Okuwy üstünlikli tamamlandan soň, «Kepilli Ýollar» uçurymlara iş berijileriň islegleri esasynda iş tapmaga kömek edýär.
«Kepilli Ýollar» okuw merkezi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Garaşsyzlyk köç., «Çarwadar» söwda merkezi, A-B blok, 4-nji gat.
Telefon: (+993 12) 48 45 50.