Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dünýä gözeli» yglan edildi

14:1402.06.2025
0
14178
«Dünýä gözeli» yglan edildi
Surat: Tuk.md

Hindistanyň Haýdarabat şäherinde geçen «Dünýä gözeli — 2025» gözellik bäsleşiginde Tailandyň wekili Suçata Çuangeri ýeňiji boldy. Onuň sylaglamak dabarasy bäsleşigiň «Youtube» ýaýlymynda görkezildi diýip, «Mail.ru» ýazýar.

Ikinji orny Efiopiýadan Hasset Dreež Admassu, üçünji orny Polşadan Maýýa Klaýda eýeledi.

Suçata Çuangeri şunlukda 72-nji dünýä gözeli boldy, bu ýyl bäsleşige dürli ýurtlardan 108 dalaşgär gyz gatnaşdy.

«Dünýä gözeli — 2025» bäsleşiginiň ýeňijisi Thammasat uniwersitetiniň syýasaty öwreniş fakultetinde halkara gatnaşyklary hünäri boýunça bilim alýar. Ol diplomat bolmagy arzuw edýär. Gyz boş wagtlary meýletinçilik bilen meşgullanýar, saz çalýar, haýwanlara seretmegi halaýar, onuň 16 pişigi we 5 iti bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň