«IDEA+» topary daşary ýurtda okamagy meýilleşdirýän dalaşgärler üçin giň gerimli hyzmatlaryny hödürleýär. «IDEA+» agentliginiň hünärmenleri müşderilere girişiň ähli tapgyrlarynda ýakyndan goldaw berýärler, şol sanda uniwersitet saýlamakda, zerur resminamalary doldurmakda we onlaýn söhbetdeşlik geçirmekde ýardamlaryny hödürleýärler.
Belarusda teklip edilýän uniwersitetler
«IDEA+» bilen hyzmatdaşlyk edýän belorus uniwersitetleriniň arasynda aşakdakylar tapawutlanýar:
P.M. Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersiteti: Okuw we amatly umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak üçin arzan bahalary bilen tanalýar. Uniwersitet girişde ýeňilligi we uýgunlaşmak üçin goldawlaryny hödürleýär, şol bir wagtyň özünde ol Belarusyň iň gowy 10 uniwersitetiniň sanawynda orun almak bilen, diplomy bütin dünýäde ykrar edilýär.
Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk milli uniwersiteti: Ýewropanyň merkezinde ýerleşip, ýokary hilli bilim berýän we baý taryhy bolan özboluşly uniwersitet. Talyplara giriş döwrüniň dowamynda şahsy halypa berkidilýär. Uniwersitetde döwrebap bilim maksatnamalary, öňdebaryjy tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalar hereket edýär we tejribeli mugallymlar düzümi bardyr.
Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU): IT we inženerçilik ulgamynda ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri.
Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrDU): Ynsanperwer we tebigy ylymlar boýunça bilim maksatnamalarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti (WDLU): Belarusyň öňdebaryjy lukmançylyk uniwersitetleriniň biri, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýandygy bilen meşhurdyr.
Malaýziýada halkara mümkinçilikler
«IDEA+» Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde iki diplom maksatnamalary bilen dünýä derejesindäki bilime elýeterliligi üpjün edýär:
UCSI University: Sebitdäki öňdebaryjy uniwersitetleriň biri bolan abraýly hususy uniwersitet. UCSI lukmançylyk, farmasewtika, inženerçilik, işewürlik, maglumat tehnologiýalary we sungat ugurlarynda iňlis dilinde okadylýan bilim maksatnamalarynyň giň toplumyny hödürleýär.
University Kuala Lumpur (UniKL): Malaýziýanyň öňdebaryjy tehniki uniwersitetleriniň biri, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary we işewürlik ugurlarynda bilim maksatnamalary bilen meşhurdyr.
INTI International University: Işewürlik, lukmançylyk we ynsanperwer ylymlar ugurlary boýunça halkara derejesinde ykrar edilen maksatnamalary hödürleýär.
Multimedia University (MMU): Maglumat tehnologiýalary we multimediýa ugurlary boýunça öňdebaryjy uniwersitet, talyplara halkara derejeli kompaniýalarda tejribe geçmek mümkinçiligini döredýär.
Kiprde bilim almak
«IDEA+» topary Kipriň iri uniwersitetleri bilen hem hyzmatdaşlyk edýär:
Kipriň Ýakyn Gündogar uniwersiteti: Diplomlary Ýewropada, ABŞ-da we Kanadada ykrar edilýän Demirgazyk Kiprdäki iň iri uniwersitet. Uniwersitetde döwrebap binalar hereket edýär hem-de okuw we ýaşaýyş üçin elýeterli bahalardan köp sanly bilim maksatnamalary hödürlenilýär.
Kipriň Halkara uniwersiteti: Iňlis dilinde okadylýan bilim maksatnamalary esasynda Ortaýer deňziniň kenarynda bilim almagy teklip edýär. Uniwersitet lukmançylykdan binagärlige çenli hünärleri hödürleýär. «IDEA+» topary talyplara uýgunlaşmaga we okuw üçin maliýe goldawyny (grant) almaga ýardam edýär.
«IDEA+» topary çagaňyzyň iň gowy bilime mynasypdygyna ynanýar. Gereksiz çykdajylar bolmazdan Ýewropa diplomyny alyp, onuň ýagty geljegini üpjün etmek mümkinçiligini elden gidirmäň. Teklip edilýän uniwersitetlerde orunlaryň sany çäklidir, şonuň üçin eýýäm şu gün ýüz tutmak maslahat berilýär.
Ofisiň ýerleşýän salgysy: Bitarap Türkmenistan köç., 108, «Joşgun» söwda merkezi, 3-nji gat.
Habarlaşmak üçin:
Belarus:
- telefonlar: (+993 71) 51 84 37, (+993 71) 55 04 85;
- sosial ulgamdaky sahypasy;
- elektron poçta: idea.mm005@gmail.com.
Malaýziýa:
- telefon: (+993 71) 85 59 18;
- sosial ulgamdaky sahypasy;
- elektron poçta: malaysiaidea95@gmail.com.
Kipr:
- telefon: (+993 71) 51 84 69;
- sosial ulgamdaky sahypasy.