Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ulçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Azerbaýjanyň Hazar uniwersiteti bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan «Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi» atly halkara ylmy simpozium geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň, Türkiýe, Yrak we Özbegistan türkmenlerinden wekiller hem-de alymlar gatnaşdylar.
Bu ýerde çykyş edenler türkmenleriň gelip çykyşy barada durup geçip, iň gadymy türki halklaryndan biri bolan oguzlar barada söhbet etdiler.
Taryhynyň kynçylykly döwürlerine garamazdan, türkmenleriň hemişe parahatçylyk söýüjilikli, bitarap we dostlukly gatnaşyklaryň medeniýetini öňe sürendiklerini bellenildi.
Şeýle hem, bu simpoziumyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyryş dabarasynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu eseriň beýik şahyryň baý edebi mirasyny, dünýä medeniýetine goşan goşandyny we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini açyp görkezýändigi bellenildi.