Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Koreýanyň Prezident saýlawlarynda esasy dalaşgär paýtagty Sejona göçürmekçi

09:3502.06.2025
0
8321
Günorta Koreýanyň Prezident saýlawlarynda esasy dalaşgär paýtagty Sejona göçürmekçi
Surat: RIA Nowosti

Günorta Koreýada Prezident saýlawlarynda esasy dalaşgär Li Çže Men Respublikanyň paýtagtyny Seuldan Sejona göçürmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Syýasatçy Sejona hökümetiň esasy edaralaryny, şol sanda parlamenti we döwlet baştutanynyň diwanyny geçirmek isleýär.

Sejon Seuldan 100 kilometrde ýerleşýän täze şäher. Ol ilaty artýan Seulyň ilatyny azaltmak üçin tarp ýerden guruldy. Emma ol ýerde bary-ýogy 400 müň adam ýaşaýar, agşamlaryna bolsa köçeler boşap galýar. Ýerli ýaşaýjylar şäherde göwün açmak üçin ýerleriň azdygyndan nägile bolýarlar.

Eger Sejona hökümet we parlament göçüp baraýsa, şäher özgerer diýlip garaşylýar. Eýýäm ol ýerde gozgalmaýan emläkleriň bahasy üç esse gymmatlady. Häkimiýetleriň pikirine görä, paýtagtyň ol ýere göçüp barmagy maýa goýumlary çeker we täze iş orunlary dörär diýip, «Yonhap» agentligine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

29-njy maýda Günorta Koreýada möhletinden öňki Prezident saýlawlary başlandy. Saýlawlaryň esasy güni – 3-nji iýun. Prezident saýlawlarynda öňdebaryjy Li Çže Men.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň