Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Almaty şäherine Darhan Satybaldyny häkim belledi, ol ýanwardan bäri Respublikanyň Baştutanynyň diwanynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
51 ýaşly Satybaldy şu ýylyň başynda Gazagystanyň Prezidentiniň diwanynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi, ol öň Türküstan oblastynyň häkimi bolup işleýärdi. Mundan öň ol dürli wezipelerde işledi, ýurduň Özbegistandaky ilçisi, Gazagystanyň Senatynyň deputaty boldy, Şymkent şäheriniň häkimi bolup işledi.
2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Almaty şäheriniň häkimi Ýerbolat Dosaýewdi. 24-nji maýda ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy Dosaýewiň wezipesinden boşadylýandygyny habar berdi, emma onuň sebäpleri aýdylmady diýlip, habarda bellenýär.