ABŞ-da 39 ýaşly sirk artistkasy Leýla Nun saçdan asylyp durmakda rekord goýdy, ol saçlaryndan asylyp howada 25 minutdan gowrak saklanmagy başardy. Rekordy Kaliforniýanyň Redwud milli seýilgähinde resmi hasaba aldylar diýip, Ginnesiň kitabyna salgylanýan «rbc.ru» habar berdi.
Bu ugurdaky öňki rekord 2011-nji ýylda bellige alyndy – Sutakaranom Siwagnanaturaýem (Awstraliýa) saçyndan asylyp, 23 minut 19 sekunt saklanmagy başardy.
Täze rekordçy Nun bolsa bu netijäni gazanmak üçin iki ýyllap türgenleşdi. Ol asylan ýagdaýdaka birnäçe gezek durşuny üýtgetdi, şol wagtda dostlary ony gitarada saz çalyp goldadylar.
Ginnesiň kitabynyň wekilleri Leýla Nunuň täze üstünligini gaýtalamaly däldigini duýdurdylar, sebäbi ol saçdan asylmak bilen hünärmen derejede meşgullanýar.