Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

94 ýaşly milliarder Uorren Baffet özüni garry duýup başlandygyny boýun aldy

16:3716.05.2025
0
15411
94 ýaşly milliarder Uorren Baffet özüni garry duýup başlandygyny boýun aldy
Surat: MIR 24

Amerikaly işewür, dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Uorren Baffet özünde garrylyk alamatlaryny duýup başlandygyny boýun aldy. Ol tä 90 ýaşy dolýança özüni birjigem garry duýmandygyny sözüniň üstüne goşdy diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.

94 ýaşly telekeçiniň sözlerine görä, soňky birnäçe ýyl bäri ol deňagramlylygy ýitirýär we söhbetdeşiniň adyny unudýar. Şeýle-de ol gazetleriň göýä köp syýa çyrşalan ýaly görnüp başlandygyny aýtdy.

«The Wall Street Journal» neşiri bilen söhebtdeşlikde telekeçi güýjüniň peselendiginden, netijede iş öndürijiliginiň haýallandygyndan zeýrendi. Baffetiň aýtmagyna görä, ol öň 10 sagatda köp iş bitirip bilipdir.

Uorren Baffet, ýeri gelende aýtsak, «Forbes» žurnalynyň dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda bäşinji orny eýeleýär. Onuň emlägi 156 milliard dollar. Ony uzak geljekli, mynasyp baha berilmedik kompaniýalary satyn almak ukyby sebäpli «Omahaly jadygöý» diýip atlandyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň