Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň döwlet ýolbaşçylaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

09:0715.05.2025
0
12534
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň döwlet ýolbaşçylaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Surat: TDH

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň wekilleri BAE-de Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdylar hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylarynyň Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny ýetirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, olary özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge uly hormat bilen çagyrýandygy baradaky sözlerini ýetirmegi myhmanlardan haýyş etdi.

Duşuşygyň barşynda energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Gahryman Arkadag türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, nebitgaz we himiýa ugurlary boýunça hökümetara topary döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň möhüm ähmiýetini bellediler we bu tejribäni dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

BAE-niň wekilleri gol çekilen möhüm resminamalaryň uly ähmiýetini nygtadylar we ylalaşyklaryň gazanylmagyna beren goldawlary üçin Gahryman Arkadaga hem-de hormatly Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda Emirlikler tarapy bilen Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde we Owganystanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda-da bilelikdäki işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen BAE-niň açyk we gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary alyp barýandyklaryny, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ruhunda netijeli çözgütleri kabul edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BAE bilen ýola goýlan berk binýatly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýdyp, dostlukly ýurduň wekillerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň