Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň ýokarlanandygy görünýär. Meteorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurduň birnäçe sebitlerinde howanyň temperaturasy Selsiý boýunça +41 derejeden geçdi.
Iň ýokary temperatura Kaka şäherinde bellige alyndy, ol ýerde termometriň simap sütünjigi +44 derejä çenli ýokarlandy. Derwezede, Ruhubelentde we Sarahsda temperatura +42 derejä ýetdi.
Ýokary temperatura görkezijileri aşakdaky şäherlerde hem bellige alyndy:
- Maryda: +42 dereje
- Seýdide: +41 dereje
- Deňizhanda: +41 dereje
- Aşgabatda: +41 dereje
- Tejende: +41 dereje
Lukmanlar ilatymyza yssy howada adaty ätiýaçlyk çärelerini berjaý etmegi maslahat berýärler: ýeterlik mukdarda suw içmeli we mümkinçilik bolan ýagdaýynda kondisionerli jaýlarda bolmaly.
Bellesek, ýurdumyzyň Türkmenbaşy we Hazar ýaly kenar ýaka sebitlerinde howa has oňaýly bolup, howanyň temperaturasy ep-esli pesdir (+21 dereje).