Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Leonid Gaýdaýyň aýaly Nina Grebeşkowa aradan çykdy

14:3213.05.2025
0
15233
Leonid Gaýdaýyň aýaly Nina Grebeşkowa aradan çykdy
Surat: Regnum.ru

Rowaýaty sowet režissýory Leonid Gaýdaýyň dul aýaly, aktrisa Nina Grebeşkowa 95 ýaşynda ýurduny täzeledi. Bu barada Russiýanyň Kinematografiýaçylar birleşiginde habar berdiler diýip, «vedomosti.ru» ýazýar.

Grebeşkowa kinoda 130 töweregi keşp janlandyrdy, emma oňa tomaşaçylaryň söýgüsini ýanýoldaşynyň surata düşüren filmleri getirdi. Aktrisa sowet kinosynda hemişelik ýatda galyjy keşpleri döretdi, olaryň hatarynda «Kawkaz ýesiri» komediýasyndaky akyl hassahanasynyň talapkär lukmany, «Göwher el» komediýasynda baş gahryman Semýon Semýonowiçiň aýaly Nadežda we beýlekiler bar.

1993-nji ýylda Gaýdaý aradan çykandan soňra aktrisanyň durmuşdaky baş maksady adamsynyň döredijilik mirasyny gorap saklamak boldy. Grebeşkowa merhum adamsy barada dokumental filmleriň döredilmegine işjeň gatnaşdy, ýatlama agşamlaryny we Gaýdaýyň ömrüne we mirasyna bagyşlanan döredijilik duşuşyklaryny gurady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň