Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

21:4612.05.2025
0
12439
Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär
Surat: TDIM-iň Halkara Gatnaşyklary Instituty

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň bilelikde gurnamagynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýada ýaş diplomatlaryň we döwlet gullukçylarynyň özara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu barada TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda habar berildi.

Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işleri ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy K.Imnadze, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi L.Ferrari, ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekili K.Goşlyýew dagy çykyş etdiler.

Maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir milli bähbitlere laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenip geçilişi ýaly, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň