Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň şypahanalaryndaky deňiz nemi jahankeşdelik möwsümine howp salýar

18:1812.05.2025
0
16484
Türkiýäniň şypahanalaryndaky deňiz nemi jahankeşdelik möwsümine howp salýar
Surat: Rambler Travel

Türkiýäniň Erdek şäheriniň golaýyndaky suwlarda deňiz nemi peýda boldy, ony ýerli ilat «Mermer deňziň elhençligi» diýip atlandyrýarlar. Bu barada ýerli habar beriş serişdeleri habar berdiler.

Professor Mustapa Sary nemiň Mermer deňziň tutuş üstüni ýapmagynyň mümkindiginden ätiýaç edýär. Şeýle bolaýsa, Türkiýäniň turistik senagaty üçin kynçylyklar dörär, sebäbi öňde suwa düşülýän möwsüm garaşýar.

Aýdyň uniwersitetiniň professory Güwen Özdemir bolsa, Mermer deňziniň suwundaky nemiň adamyň işidigini düşündirýär, munuň netijesi bolsa, deňziň suwunyň hapalanmagydyr. Hünärmeniň sözlerine görä, deňziň ekoulgamyna howply täsir geçen asyryň ortalarynda başlanypdyr, şol wagt deňze senagat kärhanalary köp galyndy taşlapdyrlar, munuň üstüne lagym akyndy suwlaryny hem goşsa bolar diýip, ol nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň