Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda alnyp barlan iki ekologiýa taslamasy üstünlikli tamamlandy

17:2212.05.2025
0
13626

Türkmenistanda alnyp barylýan iki agro-ekologiýa taslamasynyň işi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Olaryň biri – 2018-nji ýyldan bäri amala aşyrylýan «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» atly sebitleýin taslamasynyň 2-nji tapgyry Garagumdaky üç synag daýhan birleşikleriniň çäklerinde, daglyk Nohur obasynda we Türkmenistanyň Aral ýakasyndaky sebitinde amala aşyryldy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Taslamanyň amala aşyrylmagynyň netijesinde — Durnukly ösüş boýunça döwletara iş toparynyň ýanyndaky Ylmy-maglumat merkezi, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty, Oba hojalyk ministrliginiň ekologiki gözegçilik gulluklary üçin kiçi GIS-barlaghanalar döredildi. Taslamanyň dowamynda serişdeleri tygşytlaýan oba hojalyk enjamlary, gurak ýerde ösýän ösümlikleriň tohumlary we nahallary, göçme we stasionar suw sorujylar, oba hojalyk ugruna ýöriteleşen ýokary okuw mekdepleri üçin topragyň serjermesini çalt geçirmäge ukyply bolan enjamlar satyn alyndy.

Taslamanyň amala aşyrylýan döwründe maldarçylyk merkezleri we damjalaýyn suwaryş bilen ösdürip ýetişdirilýän ösümlik nahalhanalary üçin 20 sany guýy we sardob guruldy, kollektorlar ulgamynyň arassalama işleri geçirildi, meliorasiýa meýilnamalary düzüldi. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde 1967-nji ýyldan bäri Aşgabatda çap edilýän «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» halkara ylmy-amaly žurnaly çap edildi.

Beýleki taslamanyň ady - «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» bolup, ol 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Ýaşyl howa gaznasy tarapyndan badalga berildi.

Taslamanyň maksady Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi babatyndaky Milli strategiýasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek, milli derejedäki goşantlary kesgitlemek, olary durmuşa geçirmegiň takyk çärelerini we mehanizmlerini taýýarlamakdan ybarat boldy.

Taslamanyň esasy netijeleri Türkmenistanyň milli uýgunlaşma meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp düzmek, ýurtda howany maliýeleşdirmegi ösdürmek boýunça konsepsiýany, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy suw çeşmelerini dolandyrmak bilen birleşdirmek boýunça gollanmalary işläp taýýarlamak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň