Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türk awiakompaniýalary uçar saklanmanka ýerinden turýan ýolagçylara jerime salmakçy

17:0612.05.2025
0
17580

Türk awiakompaniýalary uçaryň doly saklanmagyna we «Kemerleriňizi dakynyň» diýen duýduryşyň öçmegine garaşman, öz ýerlerinden turýan ýolagçylara jerime salar. Bu barada Türkiýäniň Raýat awiasiýasy baş edarasyna salgylanýan «Akdeniz Gerek» gazeti habar berdi.

Ýagny täze jerime uçar gonan dessine ornundan galyp, ýük goýulýan tekjeleri açýan ýolagçylara salnar.

Ýurduň «Turkish Airlines» baş awiakompaniýasy uçarlaryň ekipažlaryna ýolagçylary täze düzgünler bilen habardar etmek barada görkezme berdi. Kompaniýa bu ädimiň gönüden-göni uçuşlaryň howpsuzlygy bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň