Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Ýeňiş güni mynasybetli kabul edişlik guraldy

11:0912.05.2025
0
15859
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Ýeňiş güni mynasybetli kabul edişlik guraldy
Surat: Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy

9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Bu çärä Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary Sergeý Agamýan we Antonina Prýançnikowa, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary Döwran Durdyýew, diplomatik korpusyň, halkara guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de işewürlik jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Russiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, çäräniň çäginde uruş ýyllaryna degişli suratlaryň sergisi, şeýle hem frontda surat çeken suratkeş Wladimir Pawlotskiniň eserleriniň sergisi guraldy.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin gutlag sözünde türkmen halkynyň Beýik Ýeňşe goşan uly goşandyny nygtady.

Çäräniň dowamynda Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan neşir edilen «Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyň goşandy» atly ýygyndy hem tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň