2025-nji ýylyň güýzünde şu ýyl Türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde ykrar edilen Gazagystanyň Aktau şäherinde türki dilli ýurtlaryň arasynda hünär başarnyklary boýunça «TurkicSkills» ady bilen ilkinji çempionat geçiriler. Oňa Türkmenistanyň hem wekilleri gatnaşar. Bu barada Gazagystanyň Bilim ministrligine salgylanyp, «Report» agentligi habar berýär.
Bu giň gerimli başlangyç türki dilli ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda tejribe alyş-çalyşyny höweslendirmäge gönükdirilendir.
Çempionat ýaşlaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny öňe sürmek we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin möhüm platforma bolar diýip, habarda bellenilýär.
Çempionata Gazagystan, Türkiýe, Azerbaýjan, Wengriýa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Mongoliýa ýaly sekiz ýurtdan 16 ýaşdan 22 ýaşa çenli 100-den gowrak ýaş hünärmeniň we 80 sany ýokary derejeli hünärmeniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bäsleşikler maglumat tehnologiýalary, gurluşyk we gurluşyk tehnologiýalary, önümçilik we inženerçilik tehnologiýalary, durmuş we şahsy hyzmatlar ýaly 15 sany esasy ugur boýunça geçiriler. Şol bir wagtyň özünde mobil robototehnika we uçarmansyz uçýan enjamlary (dronlar) dolandyrmak ýaly geljegi uly ugurlara aýratyn üns berler.