Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Aşgabat Ylalaşygyna goşulýar

17:0408.05.2025
0
25829
Ermenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Aşgabat Ylalaşygyna goşulýar
Surat: Migrationunion.com

Ermenistanyň Hökümeti halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Aşgabat Ylalaşygyna goşulmak kararyna geldi. Bu çözgüt ýurduň Hökümetiniň mejlisinde kabul edildi.

Ermenistanyň Hökümetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda Aşgabat Ylalaşygynyň sebitleýin ulag gatnaşyklaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi aýratyn bellenildi diýip, «Report» ýazýar.

Aşgabat Ylalaşygy Eýran, Oman, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan döredilen halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça ylalaşyk bolup, bu geçelge Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň portlarynyň arasynda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

Ermenistanyň bu ylalaşyga goşulmagy ýurduň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Pars aýlagynyň portlaryny birleşdirýän ulag geçelgesine integrasiýa üçin täze mümkinçilikleri açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň