Meşhur bildirişler saýty bolan «Aýterek» ösüşiniň möhüm tapgyryny — mobil goşundynyň 250 müň gezek ýüklenip alnandygyny baýram edýär. Bu üstünlik mynasybetli bolsa kompaniýa ähli ulanyjylaryna bonuslary paýlamak aksiýasyny ýola goýdy.
«Aýterek» mobil goşundysy dürli harytlary çalt we aňsatlyk bilen satmak hem-de satyn almak isleýänler üçin göwnejaý ýardamça öwrüldi. Bu platforma gozgalmaýan emläkleri, elektronika enjamlaryny, öý goşlaryny, egin-eşikleri we esbaplary satýanlaryň we alyjylaryň arasynda özboluşly meşhurlyk gazandy. Amatly saýhallama we giňişleýin ugurlar reňk, ululyk we haryt nyşany ýaly aýratynlyklaryny görkezip, zerur önümleri aňsatlyk bilen tapmaga mümkinçilik berýär. «Aýterek»-de mahabat goýmagyň düýbünden mugtdugyny we çäksizdigini bellemelidiris. Bonuslar ulanyjylara mahabatlaryny has-da giňden ýetirmek we şertnamalary has çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendir.
Her gün bu meýdançada 273-den gowrak ugur boýunça ýüzlerçe täze teklip ýerleşdirilýär. Ulanyjylaryň halaýan aýratynlyklarynyň arasynda satyjylar bilen aragatnaşyk gurmak üçin amatly söhbetdeşlikleri, gyzyklanma bildirýän dükanlaryna ýazylmak, olaryň ähli görnüşini ugurlar boýunça görmek, şeýle hem gözlegiň talaplaryny ýatda saklamak we täze mahabatlar baradaky habarnamalaryň bardygyny bellemek möhümdir.
Programmany işläp düzüjiler iň meşhur ugurlaryň birine — her gün onlarça üstünlikli geleşikler gazanylýan «Gozgalmaýan emläk» bölümine aýratyn ähmiýet beripdirler. Bu ýerde etrapça, etrap we welaýat boýunça giňişleýin gözlegleri, şeýle hem otaglaryň sany, poly, meýdany, abatlyk şertleri, bildirişiň görnüşi (eýesinden ýa-da rieltordan) we başga-da köp sanly aýratynlyklary boýunça giňişleýin saýhallamany amala aşyrylýar.
Ýüze çykýan islendik sowallara derrew çözgüt tapmak üçin programmada goldaw hyzmaty we peýdaly wideo gözükdirijisi bolan «soraglar we jogaplar» bölümi göz öňünde tutulandyr.
«Aýterek» programmasyny häziriň özünde Google Play ýa-da App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp, onuň giň amatlyklaryna we işleýiş aýratynlyklaryna özüňiz göz ýetiriň!
Web saýty: http://www.ayterek.com/.
Habarlaşmak üçin: