Ýewropa Bileleşiginiň «SECCA» (Merkezi Aziýada Durnukly energiýa baglanyşyklary) taslamasy «ÝB — Merkezi Aziýa: Durnukly energiýa günleri» atly başlangyjyň çäklerinde «Has gowy geljek üçin energetiki geçiş» atly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin sebitleýin bäsleşigiň geçirilýändigini yglan etdi.
Bäsleşige Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp bilerler. Bäsleşige 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden 2025-nji ýylyň 14-nji maýyna çenli döwürde çap edilen ýa-da efire berlen materiallar kabul edilýär. Bu materiallar çap edilýän neşirlerde, elektron metbugatda, telewideniýede ýa-da radioda köpçülige hödürlenilen bolmaly.
Bäsleşigiň tematik ugurlary aşakdakylary öz içine alýar:
- Durnukly energetika;
- Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri;
- Energiýa netijeliligi;
- Energetika pudagynda gender deňligi;
- STEM ugurlarynda zenanlaryň bilim almagy;
- «Ýaşyl» gurluşyk tejribeleri;
- Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda durnukly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 23:59-a (UTC+5) çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň doly düzgünleri we arzanyň nusgasy bilen rus we iňlis dillerinde taslamanyň resmi web sahypasynda tanşyp bilersiňiz: https://secca.eu/ru/mediacontest/.