S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biotehnologiýa boýunça I internet olimpiadasyny geçirer. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň guramaçysy bolup uniwersitetiň agronomçylyk fakultetiniň ekerançylyk kafedrasy çykyş edýär.
Olimpiada taýýarlyk ugruna we hünärine garamazdan, her ýokary okuw mekdebinden bäş talyba çenli gatnaşyp biler.
Olimpiada 21-nji maýda 14:00-da sanly ulgam arkaly şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşyjylara test sowallaryň 50-si teklip ediler, jogap bermek üçin 60 minut wagt berler. Her dogry jogap sowalyň çylşyrymlylyk derejesine baglylykda 1-5 ball aralygynda kesgitlenilýär.
Bäsleşigiň eminleriniň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri girýärler. Bäsleşigiň ýeňijileri has köp toplanan ballar esasynda kesgitlener.
Bäsleşikde çykyş etmek isleýänler 15-nji maýa çenli gatnaşyjylar hem-de olaryň jogapkär mugallymlary baradaky maglumatlary uniwersitetiň mahriitohu@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler.
Goşmaça maglumatlar +99363889360, +99364975521 telefon belgiler, ýokarda görkezilen elektron salgy boýunça, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi saýtyndaky ýörite bölümde elýeterlidir.