Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp «1944-nji ýylyň awgustynda» atly filmiň görkezilişi boldy

10:2707.05.2025
0
12326

Aşgabadyň A.S. Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde «1944-nji ýylyň awgustynda» atly çeper filmiň görkezilişi boldy.

Çärä Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň geňeşçi-ilçisi Pýotr Şukin, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý, iki ýurduň diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, şeýle hem mekdebiň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

«Biz bu gün diňe bir Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hatyrasyny ýatlamak üçin däl-de, eýsem kinematografiýanyň üsti bilen halklarymyzy birleşdiren taryha ýüzlenmek üçin hem ýygnanandyrys» — diýip, geňeşçi-ilçi Şukin Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkiniň ýüzlenmesini okady.

«Belarusfilm» kinostudiýasynda Wladimir Bogomolowyň romanynyň esasynda döredilen «1944-nji ýylyň awgustynda» atly film uruş ýyllarynda sowet kontrrazwedkasynyň işi barada gürrüň berýär.

«Urşyň tamamlanyna 80 ýyl geçdi, emma onuň ýaňy entek hem her bir maşgalada - Russiýada we Belarusda, şeýle-de Türkmenistanda hem ýaňlanyp dur. Häzir öňki döwürlerden has artyk derejede bize şol uruş baradaky, jebisleşen sowet halkynyň Ýeňiş üçin janyny gaýgyrmandygy baradaky hakykaty saklap galmak örän möhümdir» — diýlip, Russiýanyň ilçisiniň ýüzlenmesinde bellenilýär.

Beýik Watançylyk urşy döwründe 300 müň türkmenistanly söweş hereketlerine gatnaşypdyr, olaryň 130 müňüsi ordenler we medallar bilen sylaglanyldy, 104-si Sowet Soýuzynyň Gahrymany boldy, 15 adam Şöhrat ordeniniň doly kawaleri boldy. Türkmen zenanlary uruş ýyllarynda Goranmak gaznasyna 7392 kilogram kümüş we altyn tabşyrypdyrlar. Tabşyrylan şaý-sepler 5 tank kolonnasyny we söweş uçarlarynyň 7 eskadrilýasyny döretmäge kömek bolupdyr, hususan-da, «Türkmenistanyň kolhozçysy» atly uçar eskadrilýasy üçin uçarlar we «Komsomoles Turkmenistana» atly tank kolonnasy üçin tanklar gurlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň