Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda BAE-niň işewürleri bilen nah ýüplügini satmak barada geleşik baglaşyldy

10:4606.05.2025
0
14293

5-nji maýda Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň resmi saýtynda habar berildi.

Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýlelikde, söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 500 000 manada we 251 720 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň