«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) TRAINAIR PLUS maksatnamasy boýunça ähli zerur işleri üstünlikli tamamlady we agzalyk şahadatnamasyny aldy. Bu barada agentlik habar berýär.
Bu şahadatnama mekdebiň raýat awiasiýasy boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin halkara ülňülerine laýyk gelmeginiň möhüm görkezijisidir. TRAINAIR PLUS maksatnamasy ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak arkaly howa ulaglarynyň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Degişli şahadatnama Türkmenistanyň özara oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça daşary syýasata doly laýyk gelýän sebit we halkara howa aragatnaşygy pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny berkidýär.