Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Netijeli çözgütler we bilermen maslahaty: «Arassa Nusganyň» «Biznes pulsy» atly forumy işewürligiňizi ösdürer

09:4603.05.2025
0
10931

10-njy maýda Aşgabat işewürligi ösdürmek we kämilleşdirmek babatda mümkinçilikleri açyk hem ygtybarly ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüler. «Arassa Nusga» konsalting kompaniýasy tarapyndan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) goldaw bermeginde guralýan «Biznes pulsy» atly amaly forum telekeçileri, tejribeli hünärmenleri we ökde geňeşçileri bir ýere jemlär.

Çärä gatnaşýanlar kärhanalara işini aň-düşünjeli we durnukly ösdürmäge mümkinçilik berýän çemeleşmeleri öwrenmek hem-de ösen sanly gurallara esaslanýan amaly çözgütler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar. Sebitiň öňdebaryjy konsalting kompaniýalary kärhanalaryň netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin täsirli strategiýalary açyp görkezmek bilen, işleri awtomatlaşdyrmak we dolandyryşy özgertmek boýunça tejribelerini paýlaşarlar.

«Telekeçileriň aglabasy: «Men öz kompaniýam barada hemme zady bilýärin» diýýärler. Ýöne anyk sanlara gezek gelende welin, bu ynamlylyk bilen kesgitli jogap berip bolmaýar» diýip, «Arassa Nusga» kompaniýasynyň wekili belleýär.

Ösmek üçin bolsa öz işiň ähli taraplaryny bilmek zerurdyr. Ine, şu maksat bilenem, «Arassa Nusga» telekeçileri üç sany sowala ynamly jogap bermäge çagyrýar:

1. Kompaniýa aprel aýynda näçe möçberde arassa girdeji aldy?

2. Haýsy önümlerden girdeji gazanyp, haýsylaryny ýitgä galyp satýarsyňyz?

3. Ammaryňyzda anyk näçe sany haryt bar — «Takmynan, pylança» däl-de, anyk sany näçe?

Hatda şu sowallardan diňe birine jogap bermekde kynçylyk çekýän bolsaňyz, onda bu işiň durnukly ösmegine, kämilleşmegine we giň gerime eýe bolmagyna päsgel berýän çeýeligiň ýoklugynyň alamatydyr.

Aleksandr Petrosow - Arassa Nusga-nyň baş direktory, «Depginli işewürlik» işewür hünärmeni

Roman Ikonnikow - Arassa Nusganyň operasiýa müdiri, «Depginli işewürlik» işewür hünärmeni

«Biznes pulsy» forumynda size nämeler garaşýar?:

- hakyky çözgütler — atlar başga, emma ýagdaýlar şol öňki

- anyk we diňe iş barada aýdýan hünärmenleriň çykyşlary

- ERP, CRM, BI-y eýýäm durmuşa geçiren telekeçiler bilen panelleýin çekişme gürrüňdeşligi

- «Işewürligiň agyry kartasy» interaktiwi — meseleleri kesgitlemek, çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak

- furşet we networking — resmi däl aragatnaşyk, täze tanyşlar we erkin gepleşik

Foruma gatnaşyjylar taýyn «jadyly çözgütleri» almazlar, ýöne olar öz işewürliginde nirede pul ýitirýändiklerine we ösüş mümkinçilikleriniň nirededigine has aýdyň düşünerler. Mundan başga-da, olar beýleki telekeçileriň bu mümkinçilikleri nädip üstünlikli açýandyklaryny öwrenerler.

Çäre 10-njy maýda «Arkaç» işewürlik merkezindäki «Iş Nokady» meýdançasynda sagat 10:30-dan 14:00-a çenli aralykda geçiriler.

Gatnaşmak üçin şu salgylanma arkaly öňünden hasaba alynmaly, sebäbi ýerleriň sany çäklidir.

Habarlaşmak üçin:

  • elektron poçta salgysy: info@arassanusga.com;
  • telefon belgileri: (+993 12) 75 44 80, (+993 61) 64 86 05;
  • web saýty: arassanusga.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň