30-njy aprelda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Gyrgyzstan döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, söwdalaşyklaryň barşynda jemi 355 520 ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy.