Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Olaf Şols özüniň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisini geçirdi

09:0901.05.2025
0
11694
Olaf Şols özüniň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisini geçirdi
Surat: RBK

Germaniýanyň Ministrler Kabineti Federal Kansleriň wezipesini ýerine ýetiriji Olaf Şolsuň başlyklyk etmegindäki soňky mejlisini geçirdi, onda pensiýalaryň möçberini 1-nji iýuldan 3,74 göterim köpeltmek barada çözgüt kabul edildi diýip, DPA neşirine salgylanýan TASS habar berdi.

Şolsuň Hökümeti üç ýarym ýyllyk işiniň dowamynda 131 mejlisi geçirdi.

6-njy maýda Bundestagda täze Kansler saýlanar, ol Hristian-demokratlaryň lideri Fridrih Mers bolar diýlip garaşylýar. Şol gün onuň «gara-gyzyl» Hökümetiniň (HDB/HSB konserwatorlar topary we Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy GSDP) ähli agzalary kasam kabul ederler.

Germaniýada 23-nji fewraldaky möhletinden öňki saýlawlarda Mersiň HDB/ HSB konserwatorlar topary sesleriň 28,5 göterimini gazanyp, ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň