Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tanymal heýkeltaraş Daşoguzdaky muzeýe Pyragynyň heýkelini sowgat berdi

12:3330.04.2025
0
18316

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Baýgeldi Annamedow Daşoguzda ýerleşýän muzeýe beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelini sowgat etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, heýkeltaraş bu işini nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda tamamlady. Ol geçen ýyl paýtagtda sergide hem görkezilipdir.

Üç ölçegli heýkel akyldary täze goşgy setirleri hakynda oýlanýan şekilde beýan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Baýgeldi Annamedowyň döredijiligi häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň daşynda-da tanalýar.

Baýgeldi Annamedowyň işlerini welaýat muzeýine ozalam sowgat edendigini bellemek gerek diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň