Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky «Genç» hususy kärhanasy bal öndürmekde uly üstünliklere eýe boldy. Hojalyk her ýyl 5 tonnadan gowrak ýokary hilli önüm öndürýär – diýip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Bu pudakda indi 10 ýyla golaý işleýän kärhana hem adaty usullary, hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýar. Şu ýylyň başyndan bäri önümçiligiň hatary bal arylardan alynýan süýt ulanylyp taýýarlanan «Şokoladly bal» we «Ak bal» ýaly täze önümleriň görnüşleri bilen dolduryldy.
Hojalyga Yslam Ýakubow ýolbaşçylyk edýär, ol öz kakasy Ysmaýyl Ýakubowyň maşgala işini dowam etdirýär, kakasy 60 ýyldan gowrak ömrüni balaryçylyga bagyşlapdyr. Şu gün maşgala işine onuň doganlary Farhat we Ikram Ýakubow hem gatnaşýarlar.
Hünärmenleriň sözlerine görä, sebitiň howa şertleri balaryçylyk üçin aýratyn amatlydyr. Ýazky otluklar, tomusky güller we, aýratyn-da, iki aýa golaý gülleýän pagta meýdanlary, arylary zerur bolan nektar we tozgajyklar bilen üpjün edýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, balaryçylygyň iki taraplaýyn peýdasy bar: baldan başga-da, arylar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrýarlar. Alymlaryň baha bermeklerine görä, arylaryň tozanlamasynyň netijesinde ösümlikleriň hasyllylygy 20-30 göterim ýokarlanýar.
Ýazky döwürde ary öýleri Ruhubelent, Akdepe we Görogly etraplarynda gülleýän meýdanlaryň golaýynda iň amatly ýerlerde ýerleşdirilýär. Kärhananyň önümlerini Daşoguz şäheriniň merkezi daýhan bazaryndaky iki dükandan satyn alyp bolýar.