Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Orýol — Belgorod — Aşgabat: umumy serhedimiz» atly çäre geçiriler

21:0229.04.2025
0
16666
«Orýol — Belgorod — Aşgabat: umumy serhedimiz» atly çäre geçiriler
Surat: russia.tmembassy.gov.tm

28-nji aprelde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputaty O.Pilipenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek «Orýol — Belgorod — Aşgabat: umumy serhedimiz» atly çäre bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Çäräniň çäklerinde Aşgabat, Orýol we Belgorod şäherlerinde Beýik Watançylyk urşunda sowet esgerleriniň gahrymançylygyny şöhlelendirýän ýadygärliklere gül desselerini goýmak meýilleşdirilýär.

Russiýa tarapyndan bu çärä Belgorod döwlet tehnologiki uniwersitetiniň hem-de Orýol döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen ýaşlar toparynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

O.Pilipenko şeýle çäreleriň geljekde yzygiderli geçiriljekdigine umyt bildirdi. Türkmenistanyň ilçisi, öz gezeginde, Beýik Watançylyk urşunda mertlerçe söweşen esgerleriň görkezen gahrymançylygynyň hatyralanmaga mynasypdygyny belledi.

O.Pilipenko Belgorod döwlet tehnologiki uniwersitetinde we Orýol döwlet uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlarynyň okamakda we jemgyýetçilik çärelerinde görelde görkezýändiklerini nygtady. Şol bir wagtyň özünde Russiýa tarapyndan türkmen talyplarynyň ýaşamagy, bilim almagy we dynç almagy üçin amatly durmuş şertleri döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň