Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Almaty prosesiniň» III ministrler maslahatyna gatnaşdy

16:0029.04.2025
0
18887
Türkmenistan «Almaty prosesiniň» III ministrler maslahatyna gatnaşdy
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Türkmenistanyň wekiliýeti aprel aýynyň üçünji ongünlüginde Baku şäherinde geçirilen «Almaty prosesiniň» III ministrler maslahatyna gatnaşdy.

Çärä «Almaty prosesine» gatnaşyjy döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň resmi wekiliýetleri, synçy döwletleriň – Eýranyň, Italiýanyň we Pakistanyň wekilleri, şeýle hem Türki döwletler guramasynyň wekilleri, Halkara migrasiýa guramasynyň we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, migrasiýa meselelerini dolandyrmakda iň gowy tejribeleri alyşmak we maglumat alyşmak bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Maslahata gatnaşyjylar sebitdäki migrasiýa we bosgunlary goramak boýunça hyzmatdaşlygy has hem giňeltmek barada ylalaşdylar hem-de milli we sebit derejesinde okuw we maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Maslahatyň jemleýji bölüminde «Almaty prosesinde» Azerbaýjan Respublikasynyň iki ýyllyk başlyklyk etmeginiň netijeleri boýunça Baku Jarnamasy kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň