Maý aýynda Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy, Ýeňiş baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Bulardan başga-da, indiki aýda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň geçirilmegi hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransuz, italýan we türkmen sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär.
Bular barada aýdyp, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar bilen baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
«Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek hem-de ýokary derejede geçirmek zerurdyr» diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.