Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgenç şäherinde döwrebap bazar gurlar

22:2125.04.2025
0
17075

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň ýurduň söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilmegine görä, bazaryň çäginde döwrebap dükanlar, ammar jaýlary, 700 orunlyk gök-bakja ýerlenilýän hem-de 700 orunlyk halkyň sarp edýän senagat harytlary ýerlenilýän bazar, 150 orunlyk awtoulag satylýan meýdança, şeýle hem 200 orunlyk awtoduralga göz öňünde tutulýar.

Hökümet mejlisinde wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýurduň dürli künjeklerinde söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalaryň gurlup, halkyň hyzmatyna berilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň