Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa söýgüli azyk önümine gözegçiligi elden giderýär

18:2624.04.2025
0
28782
Ýaponiýa söýgüli azyk önümine gözegçiligi elden giderýär
Surat: Caliber.az

Günorta Koreýa Ýaponiýa tüwiniň rekord möçberini eksport etdi – onuň iki tonnasy eýýäm eltildi, golaý wagtda ýene 20 tonnasyny eksport etmäge garaşylýar. Bu barada Günorta Koreýanyň «NongHyup» oba hojalyk federasiýasynyň ýapon wekilhanasyna salgylanýan «Bloomberg» habar berdi. Günorta Koreýanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna laýyklykda, bu 1990-njy ýyldan bäri Ýaponiýa tüwiniň eksport edilen iň uly möçberidir.

Tüwä islegiň artmagyna geçen ýyl Ýaponiýada onuň hasylynyň kemelmegine getiren ýaramaz howa ýagdaýlary hem-de tebigat hadysalary sebäp boldy. Gytlygy jahankeşdeligiň rekord derejede artmagy we ýokary isleg has-da ýitileşdirdi, ýagny ýaponlaryň köpüsi tüwiniň ätiýaçlyk goruny edinip başladylar.

Geçen ýylyň aprelinden bäri Ýaponiýada tüwiniň nyrhy 92 göterim gymmatlady. Martda häkimiýetler nyrhlary kadalaşdyrmak üçin döwlet ätiýaçlyk gorlaryndan 210 müň tonna tüwi goýberip başladylar. Emma dükanlara önümiň az möçberi gowuşdy, hökümet muny logistika dahylly kynçylyklar bilen düşündirdi.

Apreliň başyndaky maglumatlara görä, Ýaponiýada agramy 5 kilogramlyk tüwi haltasynyň bahasy dükanlarda 4124 iýene (30 dollar töweregi) durýar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden tas iki esse gymmatdyr.

Bu barada «caliber.az» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň