Rus diplomatlar harby we howa attaşasynyň işgärleri bilen Aşgabatda ýaşaýan weteranlaryň bäşisine we tylda zähmet çekenlere «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna» ýubileý medallaryny gowşurdylar. Bu barada TASS Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Medallar Tagira Alyýewa, Gurbandurdy Annadurdyýewe, Şamoniýa Karakozowa, Nina Samutkina, Nadežda Tihonowa, Hajar Babaýewa, Raisa Muharamowa, Sagida Krutikowa, Ýewgeniýa Mazanowa we Mariýa Tura gowşuryldy. «Gadyrly weteranlarymyzy we Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryny ýetip gelýän Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys» diýlip, ilçihananyň habarynda bellenilýär.
TASS-yň hasabatynda Beýik Watançylyk urşy döwründe Türkmenistan SSR-iň 300 müň ýaşaýjysynyň harby hereketlere gatnaşandygy aýdylýar, şolardan 130 müň adama ordenler we medallar gowşuryldy. Olaryň 104-si Gahryman diýen belent ada, 15-si bolsa doly derejeli «Şöhrat» ordenine mynasyp boldy. Uruş ýyllarynda türkmenistanlylar Goranmak gaznasyna 7392 kilogram altyn we kümüş bezeg şaý-seplerini tabşyrdylar.