Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Özbegistanyň Prezidenti bilelikde agaç nahalyny oturtdylar

16:5624.04.2025
0
30005
Türkmen halkynyň Milli Lideri  hem-de Özbegistanyň Prezidenti bilelikde agaç nahalyny oturtdylar
Surat: President.uz

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilelikde Samarkant şäherindäki Kongress merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde agaç nahalyny oturtdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Özbegistanyň Prezidenti seýilgähde eman agajyny ekdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Dabara iki doganlyk halkyň arasyndaky köpasyrlyk berk dostlugy we hoşniýetli gatnaşyklary, şeýle hem türkmen-özbek strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky berk ygrarlylygy alamatlandyrdy diýlip, habarda bellenilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň